Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili wezipesinden çekildi

Kwirikaşwili bu barada geçiren metbugat ýygnagynda habar berdi

992420
Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili wezipesinden çekildi

Paýtagt Tibilisidäki hökümet binasynda geçirilen metbugat ýygnagynda wezipeden çekilýändigini beýan eden Kiwirkaşwili, häkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasynyň düýn geçirilen syýasy geňeşiniň maslahatynda partiýanyň lideri Bidzuna İwanişwali we agzalary bilen käbir meselelerde düşnüşmezligiň ýüze çykandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda Gruziýanyň NATO we ÝB bilen intergrirleniş tapgyrynda neticeli başlangyçlaryň edilendigini aýdan Kwirikaşwili, sebitdäki ykdysady çökgünlige garamazdan Gruziýanyň ykdysadyýetiniň ösüşini dowam etdirendigini aýtdy.

Giorgi Kwirikaşwili 2015-nci ýylyň 30-ncy dekabryndan bäri Premýer-ministr bolup işleýärdi.

Gruziýanyň konstitutsiýasyna görä hâkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasy 7 günüň dowamynda premýer-ministrlige kimiň hödürlenýändigini we ministrler kabinetiniň täze düzümini Prezident Giorgi Margwelaşwiliniň garamagyna hödürlär.

 



Degişli Habarlar