Yrakda saýlaw gutularynyň ýakylmagy bilen arabaglanşykly 4 adam tussag edildi

Yrakda saýlaw gutularynyň saklanýan ammarynda bolan ýangyn bilen arabaglanşykly 4 adam tussag edildi

990900
Yrakda saýlaw gutularynyň ýakylmagy bilen arabaglanşykly 4 adam tussag edildi

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda “ Risafa kazyýeti tarapyndan Ýokary saýlaw komisarlygyna degişli saýlaw gutularynyň saklanýan ammarynda çykan ýangyn hakynda gozgalan derňew işiniň çäginde 3-i polis gullukçysy we 1-i hem Ýokary saýlaw komisarlygynyň işgäri bolmak bilen 4 adam tussag edildi” diýildi.

Beýanatda saýlaw gutularyny ýakanlara iň agyr jezasynyn beriljekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar: #Yrak , #saýlaw , #beýanat , #guty , #jeza

Degişli Habarlar