BMG Idlibde guralýan howa hüjümlerine alada bildirdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Siriýanyň İdlib şäherinde guralan howa hüjümlerine we şol hüjümlerde çagalar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna alada bildirýär

989945
BMG Idlibde guralýan howa hüjümlerine alada bildirdi

BMG tarapyndan berlen beýanatda Idlibiň Gazagystanyň paýtagty Astanada gazanylan ylalaşyga laýyklykda çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilendigi ýatladyldy we ylalaşyga gol goýan ýurtlar Russiýadan, Türkiýeden we Eýrandan ylalaşyga laýyklykda hereket edilmegi üçin taraplara basyş edilmegi talap edildi.

Beýanatda Idlibiň demirgazygynda ýerleşýän Zerdene obasyna iýun aýynyň 7-8-i aralygynda howa hüjümleriniň guralandygy nygtaldy we BMG-nyň Baş sekretary Guterreşiň ilatynyň 60 göterimini çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk eden asuda ilatdan ybarat şäherde guralan howa hüjümlerine  we şol hüjümlerde çagalar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna alada bildirýändigi bellenildi.

Guterreş taraplara Idlibe guralýan howa hüjümleriniň we çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi we asuda ilatyň we infstrukturanyň goralmagy çagyryşyny berdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň düýn İdlibde çaknyşyksyz zolakda çagalar hassahanasyna we asuda ilata garşy guran howa hüjümlerinde 17 adam ýogalypdy.

Penşenbe gijesi şäheriň Zerdene obasyna guralan howa hüjüminde bolsa azyndan 42 adam ýogalypdy.

Siriýanyn demirgazyk günbatarynda harby oppozisionerleriň we hökümete garşy tutum alyp barýan ýaragly toparlaryň gözegçiligi astyndaky Idlib 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen maslahatda “çaknyşyksyz zolak” hökmünde yglan edilipdi.

Emma Asada tabynlykdaky güýçler bilen wagtal-wagtal Russiýa Idlibe howa hüjümlerini guramaga dowam edýär.

 



Degişli Habarlar