Yrakly türkmenleriň başladan ýörişleri 28 gün soň bes edildi

Salihi Kerkukda geçirlen protest ýörişlerine gatnaşan türkmenlere sag bolsun aýtdy

989552
Yrakly türkmenleriň başladan ýörişleri 28 gün soň bes edildi

 

Yragyň Kerkuk şäherinde türkmenleriň saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli 28 gün öň başladan protest ýörişleri Yragyň Türk frondynyň başlygy Erşet Salihiň çagyryşyna laýyklykda bes edildi.

Salihi Yragyň mejlisinde sesleriň ýeke-ýekeden sanalmagy barada kabul edilen karara ünsi çekdi we türkmenleriň ýörişiniň bes edilendigini aýtdy.

Eşret Salihi türkmenleriň sesini hökümete eşitdirmegi başarandygyna ünsi çekdi.

Salihi Kerkukda geçirlen protest ýörişlerine gatnaşan türkmenlere sag bolsun aýtdy.

Kerkukda türkmenler 12-nji maýda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigini öňe sürüp ýöriş başladypdy.

Görkezilen garşylyklar sebäpli Premýer ministr Haýdar Al Abadi Kerkukdaky saýlaw krizisiniň çözülmegi üçin sesleriň ýeke-ýekeden sanalmagyny isledi.

Yragyň Mejlisi hem 6-njy iýunda geçirlen oturluşykda sesleriň ýeke-ýekeden sanalmagy barada karar kabul edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar