Yragyň Kerkük şäherinde türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde partlamalar boldy

Partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

989160
Yragyň Kerkük şäherinde türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde partlamalar boldy

Yragyň Kerkük şäherinde türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde bolan 3 aýry partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy.

Kerkük şäheriniň merkezinde iki aýry naharhanada bombaly hüjümler guraldy.

Ilkinji hüjüm Kerkük şäheriniň Iýerusalim köçesinde guraldy.

Partlama sebäpli köp sanda iş ýerlerine we öýlere zeper ýetdi.

Ikinji partlama bolsa şäheriň Bagdat köçesinde boldy.

Üçünji partlama bolsa Kerkük şäheriniň Musalla diýilen ýerinde boldy.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 6-synyň ýagdaýy agyr bolan 19 adam ýaralandy.

Hüjümleriň guralan ýerlerine girmek we çykmak gadagan edildi.



Degişli Habarlar