Idlibde guralan howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib welaýatynda guralan howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy, 80 adam ýaralandy

988631
Idlibde guralan howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy

Mesele hakynda berlen beýanatda düýn gije Idlib welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Zerdene obasyna howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Bazar ýerine we metjidiň golaýynda guralan howa hüjüminde azyndan 20 adamyň ýogalandygy, 80 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Howa hüjüminiň Latakiýadan uçan Su-24 kysymly rus harby uçarlary tarapyndan guralandygy ýatladyldy.

Obada gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda harby oppozisioneleriň we hökümetine garşy ýaragly toparlaryň gözegçiligi astynda bolan Idlib, 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda Astanada geçirlen maslahatda “çaknyşyksyz zolak” hökmünde yglan edilipdi.

Emma Asada tabynlykdaky güýçler bilen wagtal-wagtal Russiýa Idlibe howa hüjümini guraýar.

 



Degişli Habarlar