Tramp-Kim duşuşygynda Singapuryň howa giňişliginiň käbir ýerleri uçarlara ýapyk bolar

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda 12-nji iýunda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy duşuşykda Singapuryň howa giňişliginiň käbir ýerleri uçarlara ýapyk bolar

987307
Tramp-Kim duşuşygynda Singapuryň howa giňişliginiň käbir ýerleri uçarlara ýapyk bolar

“Channel New Asia” internet saýtynda berilen habara görä Halkara Raýat awiasiýa guramasynyň howa ýollary kärhanalary üçin çap eden duýduryşynda 11-nji, 12-nji we 13-nji iýunda adanyň gündogaryndaky ABŞ-e degişli Paýa Lebar howa bazasynyň we töwereginiň raýat uçarlaryna ýapyk boljakdygy, mundan başgada Çangi howa menzili bilen Singapuryň hökümetiniň maslahatyň geçiriljek ýeri hökmünde kesgitlän ýerlerinde uçuş çäklendirmeleriň boljakdygy barada duýduryş berdi.

Ady agzalan günlerde Çangi howa menziline gonjak uçarlaryň tizliklerini peseltmekleri islenjekdigi we uçarlaryň gonuş meýdançasyny ulanan mahallary käbir çäklendirmelere sezewar galjakdyklary habar berildi.  

Beýleki tarapdan Singapuryň hökümetiniň ýörite ýer hökmünde yglan eden ABŞ-niň Singapurdaky ilçihanasy we käbir halkara myhmanhanalary öz içine alýan sebit bilen duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan Kapella myhmanhanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Santos adasynda uçarmansyz howa ulagy we dronlaryň uçurylmagynyň gadagan ediljekdigi mälim edildi.


Etiketkalar: #Singapur , #ýapyk , #gadagan , #ABŞ

Degişli Habarlar