Putin Awstriýanyň ORF telewideniýesine beýanat berdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen ikiçäk duşuşyk geçirmezlikleriniň sebäbiniň ABŞ-däki syýasy gowgalardygyny belledi

985428
Putin Awstriýanyň ORF telewideniýesine beýanat berdi

Putin Awstriýanyň ORF döwlet telewideniýesine interwýu berdi.

Rus lider dolulygyna şu gün agşam ýaýlyma beriljek reportažyň bir bölüminde “Tramp bilen näme üçin uzak wagtdan bäri duşuşyk geçirmediňiz” soragyna: “Muny amerikaly kärdeşlerimize soraň. Meniň pikirimçe bu ABŞ-däki syýasy ýaryşyň bir netijesidir” diýdi.

Ozal ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Putin bilen mart aýynda duşuşyk geçirip biljekdiklerini habar beripdi.

Emma iňlis razwedkasyna maglumat beren ozalky rus içalynyň mart aýynda Britaniýada zäherlenmeginden soň berk bolmadyk gatnaşyklardaky dartgynlyk has hem möwjäpdi.

ABŞ başdan geçirilen wakada Russiýany jogapkär gören Britaniýanyň hökümetiniň arkasyny tutupdy.



Degişli Habarlar