Başar Asada garşy söweşýän 11 ýaragly topar birleşdi

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere garşy söweşýän 11 ýaragly topar Milli azat ediş fronty ady bilen birleşdi

980976
Başar Asada garşy söweşýän 11 ýaragly topar birleşdi

Oppozisioner çeşmelerden alynan maglumata görä ýurdyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib we Hama welaýatlarynyň demirgazygyndaky Azat Siriýa goşunyna degişli 11 ýaragly topar Milli azat ediş fronty ady bilen birleşmek barada karar kabul etdiler.

Täze döredilen Milli azat ediş frontyna Feýlaky Damask, Nasyr goşuny, Azat Idlib goşuny, 1-nji Kenarýaka topary, 2-nji Kenarýaka topary, 1-nji Fyrka, 2-nji Goşun, Saýlananalaryň goşuny, Şüheda El Yslam Dareýýa, El Hurriýe topary we 23-nji Fyrka ýaly ýaragly toparlar goşuldylar.

Milli azat ediş frontynyň lideri Faýlak Damask toparynyň serkerdelerinden Fadyl Allah El Hajji bolan bolsa, orunbasary Nasyr goşunyndan Suhaýap Leýýüş boldy.

Şeýlelik bilen takmynan 30 müň oppozisioneriň birleşmegi bilen Siriýada Başar Asada garşy söweşen iň uly toparlaryň biri döredildi.


Etiketkalar: #Başar Asad , #goşun

Degişli Habarlar