Yrakda geçirlen saýlawyň birinjisi bolan Sadr bilen Hekimden şäriklik hökümeti teklibi ...

“Sairun we Hikmet Akymy hökümetiň gurulmagy üçin beýleki partiýalar bilen gepleşikler geçirer”

973754
Yrakda geçirlen saýlawyň birinjisi bolan Sadr bilen Hekimden şäriklik hökümeti teklibi ...

 

Yrakda geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijesine görä, saýlawyň birinjisi bolan Şaýy lider Mukteda As Sadr bilen Hikmet Akymynyň lideri Ammar Al Hekimden täze guruljak hökümet üçin şäriklik teklibi geldi.

Sadr Nejef şäherindäki öýünde Al Hekim bilen duşuşdy.

Sadr bilen Hekim özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

“Yrak we yragyň halky üçin demokratik döwlet gurarys” diýen Sadr, galplyk edýänlere ses bermändikleri üçin saýlawçylara sag bolsun aýtdy.

Ammar Al Hekim hem saýlawyň birinji partiýasy bolan Sadr hereketi bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Hekim “Sairun we Hikmet Akymy şäriklik hökümetiň gurulmagy üçin beýleki partiýalar bilen gepleşikler geçirer” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar