Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy palestinalylara garşy edilen zulumy ýazgardy

Sinirliogly bolsa Prezident Erdoganyň ýer eýeçilginde Stambulda 18-nji maýda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty barada maglumat berdi

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy  palestinalylara garşy edilen zulumy ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny halkara hukuk kadalaryna we BMG-nyň degişli kararlaryna garamazdan Iýerusalime göçürmegini we Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Gaza serhedinde parahatçylykly maksatly ýöriş geçiren palestinalylara garşy eden zulumyny ýazgardy.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherindäki hemişelik wekiller topary guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy Türkiýäniň talabyna laýyklykda Palestinadaky soňky wakalary seljermek üçin jemlenişdi.

Maslahatda ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi we Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Gaza serhedinde parahatçylykly maksatly ýöriş geçiren palestinalylara garşy eden zulumy ýazgaryldy we bu meselede geljekde BMG derejesinde ediljek tagallalar seljerildi.

Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Feridun Sinirliogly bolsa Prezident R. T. Erdoganyň ýer eýeçilginde Stambulda 18-nji maýda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty barada maglumat berdi.

 



Degişli Habarlar