ABŞ Gazadaky gyrgynçylyk bilen bagly ýerliksiz beýanat berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ysraýyldaky ilçihanasynyň Iýerusalime göçürilmeginden soň ýüze çykan we 59 palestinalynyň şehit bolmagy bilen netijelenen wakalar barada ýerliksiz beýanat berdi

970977
ABŞ Gazadaky gyrgynçylyk bilen bagly ýerliksiz beýanat berdi

Ysraýylyň görýän berk çäreleri dünýä tarapyndan tankyt edilýän bolsa, Ak Tamdan berilen beýanatda resmi Tel-Awiwiň arkasy tutulýar.

Ak Tamdan berilen beýannamada: “Gazada dowam edýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Ol ýerde başdan geçirilýän tragiki ölüm wakalaryndan Hamas jogapkär. Hamas sebitdäki dartgynlygy bilkastlaýyn häsýetde we jogapkärçiliksizlik bilen  öjükdirýär” diýilýär.

Beýanatda mundan başgada: “Hamasyň, halky gorkunç howplara sezewar edýän, çäre görmäge çagyrýan paýhassyzlygynyň haýsydyr bir sebäbi ýok. Ysraýylyň özüni goramaga hukugy bar” diýilýär. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Ak Tam , #Gaza , #palestinaly

Degişli Habarlar