Donald Tramp Demirgazyk Koreýa sagbolsun aýtdy

ABŞ-niň Prezidenti Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen geçirjek duşuşygyndan ozal ýadro synag meýdançasyny boşaltjakdygy sebäpli Demirgazyk Koreýa minnetdarlyk bildirdi

969603
Donald Tramp Demirgazyk Koreýa sagbolsun aýtdy

Tramp özüniň Twitter hasabyndan: “Demirgazyk Koreýa 12-nji iýundaky Uly duşuşykdan öň ýadro synag meýdançasyny boşaltjakdygyny habar berdi. Minnetdarlyk bildirýärin, akylly bir ädim we görnükli bir hereket” diýdi.

ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo üstümizdäki hepde Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanada saparda bolupdy we ýurtda tussaglykda saklanýan 3 amerikan raýatynyň azat edilmegini üpjün edipdi.

Pompeo mundan başgada Demirgazyk Koreýanyň hökümeti bilen Tramp bilen Kimiň arasyndaky duşuşygyň 12-nji iýunda Singapurda geçirilmegi barada karara gelipdi.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda 23-25-nji maý aralygynda ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky ýadro synag meýdançasyndaky tunelleriň partladyljakdygyny, gözegçilik we derňew desgalarynyň boşaltyljakdygyny, harby güýçleriň bolsa sebitden çykaryljakdygyny habar berdi.

Beýanatda etaba syn etmekleri üçin ABŞ-den, Günorta Koreýadan, Russiýadan we Britaniýadan metbugat işgärleriniň çagyrylmagynyň meýilleşdirilýändigi beýan edilipdi.



Degişli Habarlar