ABŞ Eýrana goýlan sanskiýalaryň dowam etmegi taýarlyk görýär

Tramp kärdeşi Makrona Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekiljekdigiklerini aýtdy

966687
ABŞ Eýrana goýlan sanskiýalaryň dowam etmegi taýarlyk görýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şu gün agşam Türkiýe wagty bilen sagat 21.00-da beýan etmegine garaşylýan Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasy hakyndaky kararyny Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona aýdandygy öňe sürülýär.

Amerikaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habarynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Tramp kärdeşi Makrona Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekiljekdigiklerini aýtdy.

Roýteriň Amerikaly çeşmä esaslanýan habaryna görä, ABŞ Eýrana goýlan sanskiýalaryň dowam etmegi hatda sanskiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegi üçin taýarlyk görýär.

Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň ýagny ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň arasynda 2015-nji ýylda ýadro şertnamasy bagaşylypdy.

Ady agzalýan ýurtlar Eýran ýadro maksatnamasy çäklendiren halatynda öwezine Eýran goýlan ykdysady sanksiýalaryň bes edilmegini kabul edipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bolsa wezipä başlan ýyly bolan 2016-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri “ýurdunyň baglaşan iň erbet şertnamasy” bolandygy üçin ABŞ-nyň şertnamadan çekiljekdigini aýdýar.



Degişli Habarlar