Salwadorda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Orta Amerika ýurdy Salwadorda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

965268
Salwadorda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merezi Salwadorda güýç merkezi ýurdyň Intipusa diýilen ýeriň 12 km günorta-günbatarynda bolan ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi.

Beýanatda sebitde şu gün irden 4,3 baldan uly 8 aýry kiçiräk ýer titremäniň bolandygy we bolan soňky ýer titremäniň 5,6 bal ululygyndadygy habar berildi.

Resmiler ýer titreme sebäpli onlarça öýe zeper ýetendigini beýan etdi.

Ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada bolsa entek beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar