Pakistanyň Içeri işler ministri ýaragly hüjüme sezewar boldy

Pakistanyn Içeri işler ministri Ahsan Ikbal dogduk diýary Narowalda gatnaşan mitinginde ýaragly hüjüme sezewar boldy

965240
Pakistanyň Içeri işler ministri ýaragly hüjüme sezewar boldy

Pakistanyň Döwlet radiosynyň berýän habaryna görä, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Narowal şäheriniň Kanžrur etrabynda ýaragly hüjüme sezewar bolan İkbal sag egninden ýaralandy.

Ikbal Lahor şäherine getirildi we hassahanada bejergi astyna alyndy.

Ýaragly hüjümde ýaralanan Içeri işler ministriniň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.

 


Etiketkalar: #Pakistan , #Lahor , #hüjüm

Degişli Habarlar