Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda guralan ýaragly hüjümde asuda ilatdan 45 adam ýogaldy
965310
Ýurdyň Kaduna welaýatyndaky Howpsyzlyk we gowy dolanşyk topary tarapyndan berilen beýanatda eli ýaragly adamlaryň Kaduna welaýatynyň Gwasak obasynyň ýaşaýjylaryna od açandygy habar berildi.
Hüjümde azyndan 45 adamyň ýogalandygy, köp sanda adamyň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda ýaralanan adamlaryň bejergi astyna alynandygy mälim edildi.
Hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.
Kaduna welaýatynda geçen hepde magdan käniniň sebitinde guralan ýaragly hüjümde hem 14 adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.