Alekseý Nawalnyý azat edildi

Nawalna garşy gozgalan kazyýet işiniň diňlenşigi 11-nji maýda bolar

965020
Alekseý Nawalnyý azat edildi

Russiýada düýn tussag edilen, Galplyga garşy göreş gaznasynyň esaslandyryjysy we Russiýanyň esasy oppozisionerleriniň biri bolan Alekseý Nawalnyý azat edildi.

Alekseý Nawalnyý sosial media hasabyndan beren beýanatynda özüne garşy Bikanun ýagdaýda protest geçirmek we Polisiýa işgärlerine garşylyk görkezmek aýyplamalaryndan kazyýet işiniň gozgalandygyny habar berdi. 

Düýn Russiýanyň ençeme şäherinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda ýurdyň Prezidenti Wladimit Putine garşy protestler geçirildi.

Alekseý Nawalnyý hem Moskwada geçirilen demonstrasiýalarda tussag edilipdi.

Nawalna garşy gozgalan kazyýet işiniň diňlenşigi 11-nji maýda bolar. 

 



Degişli Habarlar