Ekstremist ETA guramasy öz işini bes etdi

Gurama 10 gün ozal hem bigünä adamlara zeper ýetirendigi sebäpli ötünç sorapdy

963142
Ekstremist ETA guramasy öz işini bes etdi

Ispaniýanyň demirgazygy bilen Fransiýanyň günorta günbatarynda Basklara degişli garaşsyz döwlet gurmak üçin 40 ýyldan bäri göreşýän ekstremist “Bask ýurdy we erkinlik”  ETA guramasy öz işini bes edendigini habar berdi.

Merkezi Ispaniýada ýerleşýän “Al Diario” atly internet gazeti ekstremist terror guramasy ETA-nyň hat ýazyp öz işini bes edendigini habar berdi.

Guramanyň 16-njy aprelde ýazan hatyna ýer beren gazet ETA-nyň dolulygyna dargandygyny nygtady.

2011-nji ýylda hüjümlerini bes eden gurama geçen ýyl hem ýaraglaryny taşlapdy.

Ispaniýanyň demirgazygy bilen Fransiýanyň günorta günbatarynda Basklara degişli garaşsyz döwlet gurmak üçin göreşýän ekstremist  ETA guramasy guran terrorçylykly hüjümlerinde 850 adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

Gurama 10 gün ozal hem bigünä adamlara zeper ýetirendigi sebäpli ötünç sorapdy.

 



Degişli Habarlar