ABŞ-da harby ýük uçary ýere gaçdy, 5 esger heläk boldy

J-130 Gerkules kysymly harby ýük uçarynyň ýere gaçdy

962940
ABŞ-da harby ýük uçary ýere gaçdy, 5 esger heläk boldy

Amerikanyň Jorjiýa ştatynda J-130 Gerkules kysymly harby ýük uçarynyň ýere gaçmagy sebäpli 5 esger ýogaldy

ABŞ-nyň Milli Tertip-düzgün serkerdeliginden berilen beýannamada uçaryň Porto-Riko Milli Tertip-düzgün howa güýçlerine degişlidigi habar berildi.

Beýannamada tälim uçuşyny amala aşyrýan we içinde 5 esger bolan uçaryň Halkara Sawannah Hilton Head howa menziliniň golaýynda näbelli sebäpden ýere gaçandygy habar berildi.

ABŞ-nyň Federal awiasiýa dolanşygy bolsa uçaryň Arizonadaky Dawiz Montan howa bazasyna barýarka ýere gaçandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar