Maýk Pompeo ABŞ-nyň 70-nji döwlet sekretarlygyna bellendi

ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň ozalky direktory Maýk Pompeo döwlet sekretarlygyna bellendi

959595
Maýk Pompeo ABŞ-nyň 70-nji döwlet sekretarlygyna bellendi

Prezident Donald Tramp tarapyndan geçen wezipeden boşadylan Reks Tillersonyň ýerine hödürlenen Maýk Pompeo Senatdaky sese goýulşykdan soň ABŞ-nyň 70-nji döwlet sekretarlygyna saýlandy.

Pompeo senetda 57 ses aldy. 42 Senator bolsa garşy ses berdi.

Wekiller Palatasynda Respublikan partiýada üç döwür halk deputaty bolan Pompeo Kongresde Howpsyzlyk komitetiniň agzasydy.

Pompeo 2017-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi radwedka gullugynyň direktorlygyna bellenipdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Pompeonyň aprel aýynyň 26-30-y aralygynda Brýusselde, Riýadda, İýerusalimde we Omanda boljakdygyny habar berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyna gatnaşmak Amerikanyň täze döwlet sekretary bilen duşuşar.



Degişli Habarlar