Fransiýanyň Prezidenti Makron ABŞ-e sapar gurar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 23-26-njy aprel aralygynda ABŞ-e sapar gurar

956978
Fransiýanyň Prezidenti Makron ABŞ-e sapar gurar

Emmanuel Makron saparynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirer.

Makronyň saparynyň gün tertibinde boljak meseleleriň hatarynda Siriýada mundan soň ediljek işler, ABŞ bilen Fransiýanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi bolar.  

Emmanuel Makron saparyndan ozal Amerikan Fox News telewideniýesine interwýu berdi.

Siriýadaky amerikan esgerleriniň çykarylmazlygy barada çagyryş eden Makron yza çekilmegiň meýdanyň Eýrana we Siriýanyň Prezidenti Başar Asada beriljekdigi manysyny aňlatjakdygyny belledi.

Makron DAIŞ-iň ýeňilmeginden soň ABŞ-nyň, Fransiýanyň we beýleki hyzmatdaşlaryň Siriýanyň ýaňadandan gurulmagynda uly rolunyň boljakdygyny nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň saparynyň iň uly maksadynyň Trampy Eýran bilen halkara jemgyýetiň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro şertnamasyny ýyrtmazlygy barada yrmakdygy bellendi.

Saparyň çägindäki gün tertibiniň ýene-de bir ileri tutulýan meseleleriň biri ABŞ-nyň ÝB-e garşy alýuminiýe we polada girizmek isleýän goşmaça salgydyň öňüni almak bolar.



Degişli Habarlar