Daşary ýurtlarda 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçilýär

Dünýäniň çar tarapynda 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

957071
Daşary ýurtlarda 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçilýär
sirbistan 23 nisan.jpg
isvec.jpg

DKTR-nyň paýtagty Lefkoşa şäherinde çagalar dabaraly ýöriş geçirdiler.

Ýurdyň prezidenti Mustafa Akynjy eden çykyşynda 23-nji apreliň demokratiýa üçin möhümdigine ünsleri çekdi.

ABŞ-de Türk-Amerikan Milli ugrukdyrma komitedi dabara geçirdi.

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky Awraam Linkoln ýadygärliginiň öňünde Türkiýäniň baýdagy asyldy.

Italiýada türk maşgalalaryň çagalary Türkiýäniň Rimdäki ilçihanasyna jemlendiler.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdäki dabaralara takmynan 10 müň adam gatnaşdy.

Makedoniýanyň paýtagty Skopýe we ýurdyň Tetowo şäherindäki çärelere Albaniýanyň, Makedoniýanyň we Bosniýa-Gersegowinanyň okuwçylary gatnaşdylar.

Serbiýanyň Tutin şäherinde hem Çagalar baýramy bellenilip geçildi.

Türkiýäniň Belgratdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tanžu Bilgijiň hem gatnaşan dabarada 1500 çaga okuw esbaplaryndan ybarat sowgatlar berildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki dabara ilçi Mustafa Kapuju bilen Bilim atteşe Zübeýir Ýylmaz gatnaşdy.  

Dubaýda Türkiýeden baran myhman çagalar taýarlap gelen halk tanslaryny we jadyly sahnalaryny ýerine ýetirdiler.  

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda ilçi Ihsan Mustafa Ýurdakul ýerini pakistanly we türk çagalaryna berdi.



Degişli Habarlar