Siriýa Arap güýji ýerleşdirilermi?

ABŞ-de çap edilýän Wall Street Journal gazedi Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Siriýada Arap güýjüni emele getirmek üçin işe girişendigini habar berdi

Siriýa Arap güýji ýerleşdirilermi?

Berilen habara görä Arap ýurtlaryndan esger ýygnanyp, Siriýadaky amerikan esgerleriniň ýerine geçmegi meýilleşdirilýär.

Resmi Waşington goldaw almak üçin Saud Arabystany, Katar we BAE bilen gepleşikler geçirýär.

Wall Street Journal gazedi maglumatlary amerikaly resmilere esaslandyrdy.

Habarda Milli howpsyzlyk maslahatçysy Jon Boltonyň Müsüriň Razwedka gullugynyň başlygy bilen gepleşikler geçirýändigi mälim edildi.

Gazediň habar bermeginden soň Saud Arabystany tarapyndan mesele bilen baglanşykly beýanat berildi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil El Jübeýr Pars aýlagy ýurtlaryndan maliýe taýdan goldaw talap ediljekdigi baradaky habarlaryň ozal hem gün tertibe gelendigini beýan etdi.

Koalisiýadan teklip gelen halatynda ýurdunyň taýardygyny aýdan El Jubeýr: “Saud Arabystany öz üstüne düşenini ýerine ýetirer” diýdi.



Degişli Habarlar