Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda guralan bombaly hüjümde Kandagaryň serhet birikmeleriniň serkerdesi bilen birlikde 3 goragçysy ýogaldy

Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Içeri işler müdürliginiň resmileri Kandagar welaýatynyň Serhet birikmeleriniň serkerdesi Janan Afganyň ulagyna ýerleşdirilen bombanyň pult bilen uzakdan partladylandygyny habar berdiler.

Hüjümde serkerde Janan Afgan bilen birlikde jemi 4 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne aldy.

 

Beýleki tarapdan Talibana agza terrorçylar ýurdyň Gur welaýatynyň merkezi Firuz Koh şäherindäki saýlaw merkezine girip, ol ýerden 5 adamy zamun aldy.

Gur welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Ikbal Nizami terrorçylaryň Firuz Kohdaky saýlaw merkezine girip, merkeziň 3 işgäri bilen birlikde, merkeziň howpsyzlygyny üpjün edýän Polisiýa gullugynyň 2 işgärini alyp gaçandyklaryny habar berdi.

Ikbal Nizami zamun alynan 5 adamyň nirä alynyp gidilendigini entek bilmeýändiklerini we azat edilmekleri üçin işe girişendiklerini beýan etdi.

Owganystanda 20-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän umumy saýlawlar üçin saýlawçylary bellige almak işleri 14-nji aprelde başlapdy.


Etiketkalar: Taliban , Kandagar , Gur , Owganystan

Degişli Habarlar