Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bir adamyň irden turan mahalyndaky özüni duýuşyna bagly bolmaly däl

Russiýanyň Wise-premýeri Arkadiý Dworkowiç ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň bir adamyň irden turan mahalyndaky özüni duýuşyna bagly bolmaly däldigini nygtady

950686
Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bir adamyň irden turan mahalyndaky özüni duýuşyna bagly bolmaly däl

Arkadiý Dworkowiç Ykdysady forumda eden çykyşynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň soňky birnäçe gün bäri Siriýa we Russiýa bilen bagly ýazan tweetleriniň üstünde durdy.

Arkadiý Dworkowiç: “Islendik gatnaşyk üçin ynam gerekdir, ynam bolmasa öňe gidişlik edip bolmaz. Biz hem okeanyň beýleki tarapyndaky bir adamyň irden turan mahalyndaky özüne duýuşyna we ertesi gün turan mahalynda kellesine gelen pikirlerine bil baglap bilmeris. Olar ýaly riskleri öz üstümize alyp bilmeris” diýdi.

Arkadiý Dworkowiç: “Bu Ýewropanyň işewür dünýäsini gyzyklandyrýan bir mesele. Ýewropa sanksiýalar goşuldy. Näme boldy? Eliňize bir zat geçdimi? Öran köp zat ýitirdiňiz” diýip belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Siriýanyň Duma etrabynda 7-nji aprelde guralandygy öňe sürülen himiki hüjüm bilen bagly habarlardan soň ilki bilen Siriýanyň Prezidenti Başar Asada haýwan diýipdi.

Iki gün ozal hem beýanat beren Tramp: “Russiýa Siriýa guraljak islendik raketany ýok etjekdigini belledi. Onda taýar bol Russiýa, sebäbi raketalar gelýär, hemem iň gowy, täze we döwrebaplary gelýär. Öz halkyny öldürýän we ondan lezzet alýan gaz ganhory haýwan bilen hyzmatdaş bolmaly däldiňiz” diýip nygtapdy.

ABŞ-nyň Prezidenti bu beýanatyndan soň bolsa: “Siriýa haçan hüjüm etjekdigimizi aýtmadym. Edil şu wagtam hüjüm gurap bileris, hiç guramanam bileris” diýip belläpdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar