Russiýada harby dik uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy
Ka-29 kysymly harby uçar Baltika deňzinde gaçdy

Russiýanyň Kaliningrad şäherinde Ka-29 kysymly harby dik uçaryň uçuş synagyny geçirýärkä heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy.
Rus Baltika deňiz flodyndan berlen beýanata görä, Ka-29 kysymly harby uçar Baltika deňzinde gaçdy.
Beýanatda dik uçar heläkçiliginde 2 uçarmanyň ýogalandygy nygtaldy.
Beýanatda uçuşyň adaty howa şertlerinde amala aşyrlandygyna üns çekildi.
1980-njy ýyllaryň başynda rus Kamow firmasy tarapyndan öndürlen Ka-29 kysymly dik uçarlar, harby gämilere aňsatlyk bilen gonmak we uçmak hem-de şol gämilere ýük daşamak üçin taýarlandy.
Degişli Habarlar

Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Hüjümler sebäpli 33 müňden gowrak palestinaly sebiti terk etdi.

Amerikan hökümeti, adam pidalaryna sebäp bolan uçar heläkçiliginden soň ýüzlerçe adamy işden çykardy
Federal Awiasyýa gullugyndan 400-e golaý adamy işden çykaryldy.