Taliban Owganystanyň Gazna welaýatyna hüjüm gurady

Owganystanyň Gazna welaýatynyň Hoja Ömeri etrap merkezine terror guramasy Talibana agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 8 adam ýogaldy

950180
Taliban Owganystanyň Gazna welaýatyna hüjüm gurady

Gazna welaýatynyň Içeri işler müdüri Muhammed Zaman beren beýanatynda Talibana agza terrorçylaryň etrap merkezine 4 aýry ýerden hüjüm guramagy netijesinde etrap häkimi Ali Dost Şemsiň we 7 howpsyzlyk işgäriniň ýogalandygyny habar berdi. 

Hüjümde howpsyzlyk işgäriniň 9-synyň hem ýaralanandygyny aýdan Zaman guramanyň agzalarynyň hüjümi netijesinde etrap häkimliginiň binasynyň hem ýanandygyny mälim etdi. 

Zaman hüjümden soň etraba gönükdirilen goşmaça güýç bilen guramanyň agzalarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 27 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümiň netijesinde 10-dan gowrak esgeriň ýogalandygyny öňe sürdiler. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa etrabyň merkeziniň gözegçiliginiň üpjün edilendigi we 20 esgeriň öldürilendigi beýan edildi. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #Gazna , #etrap , #häkim

Degişli Habarlar