Netanýahu: “Ysraýylyň ygrarlylygyny synajak bolmaň”

Ysraýylyň Premýer ministri Binaýim Netanýahu Eýrana “Ysraýylyň ygrarlylygyny synajak bolmaň” diýdi

949733
Netanýahu: “Ysraýylyň ygrarlylygyny synajak bolmaň”

Netanýahu duşenbe güni Russiýa we Asad tarapyndan Siriýanyň Humus şäherindäki T-4 harby howa bazasyna guralan hüjüm sebäpli günäkärlenen resmi Tel-Awiwe garşy eýranly resmilerden biriniň “Bu hüjüm jogapsyz galmaz” görnüşli hemlesine; “Ysraýylyň ygrarlylygyny synajak bolmaň” diýip jogap berdi.

Premýer ministri Binaýim Netanýahu Günbatar İýerusalimdäki Genosid muzeýinde 2-nji Jahan urşunda gurban bolan ýehudileriň hormatyna geçirilen hatyralama çaresinde sözlän sözünde Eýrana abaý-syýasat etdi.

Ysraýylyň hökümetinden berilen ýazmaça beýannama görä 1939-1945-nji ýyllaryň aralygynda gurban bolan ýehudiler barada durup geçen Netanýahu; “Ysraýylyň syýasatyny üç sözlem bilen beýan edeýin: Hüjüme garşy hüjüm, goranyş we ýüz öwürtmek üçin hüjüm bilen Ysraýyly ýok etjekdigini beýan edýänleriň ählisine hüjüm” diýdi.

Netanýahu Eýranyň hem Ysraýyla hem-de bütin dünýä hemle atýandygyny öňe sürüp; “Eýranly ýolbaşçylara şuny aýdasym gelýär: Ysraýylyň ygrarlylygyny synajak bolmaň” diýdi.



Degişli Habarlar