Kataryň Emiri Al Sani Ak Tamda Tramp bilen duşuşdy

Kataryň Emiri Şeýh Tamin Ben Hamad Al Sani Ak Tamda ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen duşuşdy

948660
Kataryň Emiri Al Sani Ak Tamda Tramp bilen duşuşdy

Tramp we Şeýh Tamim özara duşuşykdan ozal metbugatyň wekillerine beýannama berdiler.

Kataryn Emirine “dostum” diýip ýüzlenen Tramp; “Ýakyn Gündogaryň şol sebitinde bileleşik üçin iş alyp barýarys we iňňän möhüm wakalar bolup geçýär” diýdi.

Kataryň ABŞ-dan köp mukdarda täze ýarag aljakdygyny nygtan Tramp, iki ýurduň birnäçe ugurda “bilelikde we iňňän gowy işleşýändigini” aýtdy.

Terrorizmiň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselelerde-de durup geçen Tramp; “Gyzyklanýan birnäçe ýurdumyzda terrozimiň maliýeleşdirilmeginiň bes edilendigini doly bilýäris. Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Katar we käbir beýleki ýurtlar terrizmi maliýeleşdirmegi bez edýär” diýdi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bolsa; “Jenap Prezident, şuny aç-açan aýdasym gelýär; biz terrorizmi maliýeleşdirenlere geçirimlilik etmedik we etmeris. Sebitde terrorizmiň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça ABŞ bilen bilelikde işleşýäris” diýdi.

Şeýh Tamim şeýle-de ABŞ bilen Kataryň arasynda 125 milliard dollara barabar ykdysady hyzmatdaşlygyň bardygyna ünsi çekip, onuň iki esse ýokarlandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar