Idlibde 7 gatly binada bolan partlamada asuda ilatdan 28 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib welaýatynda 7 gatly binada bolan partlamada asuda ilatdan 28 adam ýogaldy, 135 adam ýaralandy

948042
Idlibde 7 gatly binada bolan partlamada asuda ilatdan 28 adam ýogaldy

Mesele hakynda berlen beýanatda 7 gatly binada bolan partlamada 28 adamyň ýogalandygy, esasy bölegi çagalardan ybarat 135 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Bejergi astyna alynan ýaralananlaryň saglyk ýagdaýynyň gowudygy bellenildi.

Partlama sebäpli golaýdaky binalara zeper ýetirildi.

Partlamanyň sebäbi heniz doly bilinmeýär.

 


Etiketkalar: #Idlib , #asuda ilat , #partlama

Degişli Habarlar