Gündogar Gutanyň Duma etrabyndaky gyrgynçylyga bütin dünýä reaksiýa bildirdi

Siriýanyň hökümeti ýene-de bir gezek ýazgaryldy

947291
Gündogar Gutanyň Duma etrabyndaky gyrgynçylyga bütin dünýä reaksiýa bildirdi

Gündogar Gutanyň Duma etrabyndaky gyrgynçylyga bütin dünýä reaksiýa bildirdi

Siriýanyň hökümeti ýene-de bir gezek ýazgaryldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hüjüm sebäpli Eýrany we Russiýany günäkärledi.

Prezident Tramp sosial medi arkaly Asady kemsitdi,

“Jerimesiniň agyr boljakdygyny” beýan etdi.

Amerikanyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hedyr Noýert bolsa Russiýany Asada berýän goldawyny dessine bes etmäge çagyrdy.

Hüjümi ýazgaran ÝB, delilleriň hökümete ýönelýändigini beýan etdi.

Berilen beýannamada Rusiýadan we Eýrandan geljekde guralmagy ähtimal hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin işe girişmekleri talap edildi.

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş asuda ilata garşy himiki ýarag ulanylmagyna çuňňur alada bildirip, hüjüm boýunça giň gerimli derňew işiniň geçirilmelidigini beýan etdi.

Fransiýa BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini gyssagly maslahata çagyran bolsa,

Britaniýa hökümeti we ýaranlaryny asuda ilata garşy hüjümi bes etmäge çagyrdy.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Siriýanyň hökümetiniň Duma guran himiki hüjümini ýazgardy.

Katar; “gyssagly halkara derňew işiniň” başladylmagyny isledi.

Duma etrabynda himiki ýarag ulanylmagy İdlibiň, Halabyň we Hamanyň halky tarapyndan protest edildi.

Tankydy bellikleriň merkezi durýan Eýran bolsa hyzmatdaşyny gorap, himiki ýaragly hüjümiň guralandygy baradaky habarlaryň nädogrudygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar