Tramp Meksika serhedine4 müň esger ornaşdyrar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň hem şol meýilnamanyň üstünde işleýär

945545
Tramp Meksika serhedine4 müň esger ornaşdyrar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Meksika serhedinde howpsyzlygyň üpjün edilmegi maksady bilen 4 müň esgeriň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Meksika serhedine esger ornaşdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdan Tramp, şol esgerleriň Meksika serhedine diwar gurulýança serhetýakasynda öz işini dowam etdirjekdigini belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň hem şol meýilnamanyň üstünde işleýändigi nygtaldy.

Meksikanyň Prezidenti Enrike Pena Nieto bolsa Trampyň beýanatyna garşylyk görkezdi.

Nieto “Içerki kynçylyklaryňyzyň sizi biynjalyk edýändigi sebäpli  bize garşy tutum alyp barýarsyňyz” diýdi.

Meksikanyň Prezidenti Nieto “ Biz iki taraply sylag hormada laýyklykda gepleşik geçirmäge taýar”diýip belledi.

 


Etiketkalar: #diwar , #serhet , #ABŞ , #Donald Tramp

Degişli Habarlar