Lawrow: “Trampyň ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi baradaky sözünde durjakgyny pikir edýärin”

Lawrow, emma muňa garamazdan ABŞ-nyň soňky aýlarda Ýefrat derýasynyň gündogaryna ornaşandygyny görýändiklerini aýtdy

943058
Lawrow: “Trampyň ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi baradaky sözünde durjakgyny pikir edýärin”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň resmi Waşingtonyň Siriýadan çekiljekdigi baradaky sözünde häzirlikçe durjakdygyny pikir edýandigini aýtdy

Lawrow bangladeşli kärdeşi Abdul Hasan Mahmud Ali bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Trampyň ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi baradaky beýannamasy barada durup geçdi.

ABŞ-nyň Siriýadaky ýeke-täk maksadynyň terrorçylyga garşy göreşdigini kepillendirendigini ýatladan Lawrow, emma muňa garamazdan ABŞ-nyň soňky aýlarda Ýefrat derýasynyň gündogaryna ornaşandygyny görýändiklerini aýtdy.

Lawrow Trampyň ABŞ-nyň Siriýadaky çekilip biljekdigi baradaky sözünde durjakdygyny pikir edýändigini nygtap; “O DAİŞ-i ýeňenden soň ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi barada beren ozalky sözünde durýar. Bu taýda esasy zat ABŞ-nyň ähli agza ýurtalaryň özygtyýarlygyna we bitewiligine sarpa goýmak baradaky BMG-niň şertnamasyna äsgermezçilik edip, öz harby goşunlaryny, ýörite güýçlerini Siriýa ugratmagy, hyzmatdaşlyk döretdi” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Ohio ştatynda penşenbe güni geçirilen mitingde “Ýakyn geljekde Siriýadan çekileris. Onuň sebitdäki beýleki ýurtlar gyzyklansynlar. “Halyflyk” atlandyrýan zatlaryny doly ýok ederis. Ählisini DAİŞ-iň elinden yzyna alarys” diýipdi.

 



Degişli Habarlar