Belgiýanyň Şasynyň aýlygyndan 46 müň ýewro tutuldy

Şanyň 307 müň ýewro bolan aýlygyndan 46 müň ýewronyň tutulmagyna karar berildi

941866
Belgiýanyň Şasynyň aýlygyndan 46 müň ýewro tutuldy

 

Belgiýanyň Şasy Laurentiň Daşary işler ministrliginden birugsat resmi çärä gatnaşandygy sebäpli aýlygyndan 46 müň ýewronyň tutulandygy habar berildi.

Hökümetden birugsat resmi çärä gatnaşan Şanyň ýyllyk aýlygynyň 15 göteriminiň tutulmagy jezasy berildi.

Belgiýanyň Şasy Laurent Belgiýanyň hökümetinden birugsat Hytaýyň Belgiýadaky ilçihanasynda geçirlen resmi çärä gatnaşdy.

Premýer ministr Çarles Mişeliň,  Şanyň aýlygynyň bir böleginiň kesilmegi baradaky karary federal parlamentde sese goýulşyga hödürlendi.

Sese goýulşygyň netijesinde Şanyň 307 müň ýewro bolan aýlygyndan 46 müň ýewronyň tutulmagyna karar berildi.

Premýer ministr Mişel ozal hem Şa Laurente Daşary işler ministrliginden birugsat haýsydyr bir diplomatik çärä gatnaşmazlygy barada duýduryş beripdi.

Emma duýduryşlara gulak asmadyk Şa Laurent harby libabasy bilen diplomatik çarä gatnaşdy.

 

 



Degişli Habarlar