Guterreş ABŞ-Russiýa dartgynlygyna uly alada bildirýändigini aýtdy

Antoniu Guterreş BMG-niň ştab kwartirasynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

940746
Guterreş ABŞ-Russiýa dartgynlygyna uly alada bildirýändigini aýtdy

Guterreş Britaniýa bilen Russiýanyň arasyndaky içaly dartgynlygyndan soň ABŞ-nyň hem 60 sany rus diplomatyny ýurtdan çykarmak baradaky karary sebäpli hasam dartgynlaşan Russiýa-ABŞ gatnaşyklary barada durup geçdi.

Guterreş: “Men iňňän aladaly. Sowuk uruş döwründäki şertlere tarap barýarys” diýdi.

Antoniu Guterreş Sowuk uruş döwründäki iki güýjüň gözegçilik göreşini gowy bilýändigini, emma häzirki döwürde birnäçe garaşsyz güýjüň bardygyna ünsi çekdi.

Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahata kanagatlanma bildiren Guterreş, Koreý ýarym adasynda ýadro ýaragsyzlanma üçin iki ýurduň arasynda çynlakaý gepleşikleriniň geçirilmelidigini we maslahatyň “parahatçylykly çözgüt üçin pursat döredýändigini” nygtady.

Guterreş Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong Un bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpiniň duşuşygy barada bolsa Hytaýyň sebitleýin meseleleriň çözülmeginde güýçli pozisiýas eýeleýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar