Ýewropanyň dört ýurdy Russiýanyň ilçilerini ministrlige çagyrdy

Polşa, Latwiýa, Litwa we Estoniýanyň Daşary işler ministrlikleri Russiýanyň ilçilerini çagyrdy

937966
Ýewropanyň dört ýurdy Russiýanyň ilçilerini ministrlige çagyrdy

Russiýanyň Polşadaky ilçisi Sergeý Andreýew Warşawanyň rus diplomatlary ýurtdan çykarmak barada karar kabul edendigini mälim etdi.

Diplomatlaryň haçan iberiljekdigi bilen bagly soraga jogap beren ilçi Andreýew: “Karar kabul edildi. Polşa tarapy bize maglumat berer” diýdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Latwiýa, Litwa we Estoniýadaky ilçihanalaryndan hem şoňa meňzeş beýanatlar berildi.

Emma ilçileriň ýurtlaryň Daşary işler ministrliklerine näme üçin çagyrylandygy barada bolsa maglumat berilmedi.

Bu ädim Britaniýanyň iňlis razwedkasyna maglumat satan ozalky rus içaly Sergeý Skripalyň we gyzynyň 4-nji martda Britaniýada zäherlenmegi bilen baglanşykly Moskwany günäkärlemeginden soň kabul edilen 23 rus diplomatyň ýurtdan çykmagy baradaky karardan soň edildi.  

Geçen hepde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB maslahatynda liderler Britaniýanyň arkasyny tutupdy.



Degişli Habarlar