Hytaý ABŞ-nyň goşmaça gümrük salgytlary meselesinde gepleşik geçirilmegini teklip etdi

Hytaý ABŞ-nyň goşmaça gümrük salgytlary meselesiniň gözden geçirilmegi üçin gepleşik geçirilmegini teklip etdi

937964
Hytaý ABŞ-nyň goşmaça gümrük salgytlary meselesinde gepleşik geçirilmegini teklip etdi

Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň metbugat geňeşçisi Hua Çunýing paýtagt Pekinde beren beýanatynda resmi Waşingtonyň Hytaýa goýan goşmaça salgytlary meselesinde ABŞ bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni Hytaýa 60 milliard dollara barabar bolan goşmaça gümrük salgydynyň goýulmagyny we Hytaýly firmalaryň ABŞ-daky maýa goýumlarynyň çäklendirilmegini göz öňünde tutýan karara gol goýupdy.

Trampyň goşmaça gümrük salgydy baradaky kararyndan soň Hytaýyň Söwda ministrligi hem ABŞ-dan import edilýän käbir harytlara 3 milliard dollarlyk goşmaça gümrük salgydynyň goýuljakdygyny habar beripdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Wise-premýeri Liu Hy ABŞ-nyň Gazna ministri Stewen Mnuçin bilen şenbe güni geçiren telefon söhbetdeşliginde “goşmaça gümrük salgydynyň” Hytaýyň, ABŞ-nyň we dünýäniň bähbidine bolmandygyna ünsi çekipdi we “Hytaý milli bähbidini goramaga taýar we munyň üçin degişli çäreleri görer” diýipdi.

 


Etiketkalar: #Hytaý , #Tramp , #gümrük , #salgyt

Degişli Habarlar