DAIŞ Owganystanda hüjüm gurady

Hüjümlerde 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy

DAIŞ Owganystanda hüjüm gurady

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat şäherinde guralan 2 aýry kamikaze hüjüminde 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Iki kamikaze hüjümçisi Hyrat şäherindäki şaýylaryň barýan metjidiniň golaýynda üstündäki bombany partlatdylar.

Polisiýa gullugy hüjümçileriň metjide girmek isländigini, emma işgärler tarapyndan päsgel berilendigi üçin özlerini metjidiň daşynda partladandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.


Etiketkalar: DAIŞ , şaýy , hüjüm , Hyrat , Owganystan

Degişli Habarlar