Fransiýada türklere degişli dükan ýakyldy
Fransiýada türklere degişli dükanyň ýakylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy

Ýerli La Dauphine gazediniň berýän habaryna görä gije Grenobl şäherindäki Ugur dükanynda ýangyn ýüze çykdy.
Howpsyzlyk kameralaryndan dükanyň ýakylandygynyň anyklanandygy we wakanyň bolan ýerine çagyrylan Polisiýa we Ýangyn söndüriji gulluklarynyň işgärleriniň ýangyny söndürendigi, oduň syçyran gapdal tarapdaky dükanyň içindäki 1 adamyň bolsa wakada agyr ýaralanandygy we hassahana alynyp gidilendigi bellendi.
Dükanynda ýatandygy anyklanan bu adamyň alynyp gidilen hassahanada ýogalandygy beýan edildi.
Türkiýäniň Lion şäherindäki Başkonsuly Özgür Çakar tüsseden zäherlenip ýogalan bu adamyň Türkiýäniň raýaty bolmandygyny habar berdi.
Özgür Çakar mundan başgada ýangynyň bilkastlaýyn ýagdaýda ýakylandygynyň tassyklanandygyny habar berdi.
Ýangynda 8 adamyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygy mälim edildi.
Degişli Habarlar

Niger döwletinde terrorçylykly hüjüm guraldy
Nigerde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde 4 esger ýogaldy

Owganystanda Etrap Häkimi Ýaragly Hüjümde Ýogaldy
Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.