ÝB Siriýada himiki ýarag ulanylmagy sebäpli ýene-de 4 adama sanksiýa goýdy

ÝB Siriýada asuda ilata garşy himiki ýarag ulanmagyna goldaw berendigi sebäpli ýene-de 4 adama sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi

933002
ÝB Siriýada himiki ýarag ulanylmagy sebäpli ýene-de 4 adama sanksiýa goýdy

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerinden emele gelýän ÝB-niň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň karary Bileleşigiň himiki ýaraglaryň ulanylmagyna we ýaýbaňlanmagyna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde kabul edildi.

ÝB Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk eden bir sany siriýaly ýokary derejeli harby ýolbaşçy bilen 3 alymyň emlägini saklamak hem-de syýahat gadagançylygyny goýmak barada karara gelendigini beýan etdi.

Şol adamlaryň Siriýada asuda ilata garşy himiki ýarag ulanylmagynyň ýola goýulmagyna goşant goşandygy habar berildi.

Soňky karar bilen ÝB-niň Siriýanyň halkyna garşy edilýän basyşdan jogapkär bolandyklary, hökümeti goldamaklary ýa-da hökümetden gazanç edinmekleri sebäpli sanksiýa goýulanlaryň sany 261-e ýetdi.

ÝB şol sebäpllerden 67 firmanyň emlägini saklapdy.

Sanksiýalaryň 1-nji iýuna çenli dowam etmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar: #ÝB , #Siriýa , #himiki ýarag

Degişli Habarlar