Russiýa 23 iňlis diplomadyň bir hepdäniň dowamynda ýurdy terk etmegini isledi

Diplomatlaryň 1 hepde-de Russiýany terk etmekleri islendi

931793
Russiýa 23 iňlis diplomadyň bir hepdäniň dowamynda ýurdy terk etmegini isledi

 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Britaniýanyň, ozalky rus içalysy Sergeý Skripal bilen gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi meselesinde Russiýa hakyndaky aýyplamalary sebäpli 23 iňlis diplomadyň “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilmegi we ýurtdan çykarylmagy barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Diplomatlaryň 1 hepde-de Russiýany terk etmekleri islendi.

Beýanatda şeýle hem Russiýanyň San Peterburg şäherinde iňlis konsullygynyň açylmagy baradaky kararyň bes edilendigi ýatladyldy.

Iňlis hökümeti hem Skripalyň zäherlenmegi wakasyna garşylyk görkezmek üçin Russiýa sanksiýa goýupdy we şol çäkde 23 rus diplomadyň ýurtdan çykaryljakdygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar