Eýranyň ozalky prezidenti Ahmedinežadyň orunbasary 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Hamid Bakaýi jezasynyň tassyklanmagyndan soň tussag edildi

929423
Eýranyň ozalky prezidenti Ahmedinežadyň orunbasary 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň orunbasary Hamid Bakaýiniň galplyk edendigi sebäpli 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmek we gamçy bilen jezalandyrylmak baradaky karar tassyklandy.

Hamid Bakaýi jezasynyň tassyklanmagyndan soň tussag edildi.

Mizan habarlar agentligine beýanat beren Tähran Kazyýetiniň başlygy Gulam Hüseýin Ismaili galplyk sebäpli kazyýetiň öňüne çykan Bakaýa berilen jezanyň Şikaýat kazyýeti tarapyndan tassyklanandygyny habar berdi.

Ismaili Bakaýa 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmek we gamçy bilen jezalandyrmak bilen birlikde pul jerimesiniň hem berilendigini mälim etdi.  

Habarda Bakaýiniň näçe gezek gamçy bilen uruljakdygy barada bolsa maglumat berilmedi.

Mahmud Ahmedinežad zamanynda gaplyk edendigi sebäpli göz tussaglygyna alynan we 9-njy iýulda tussagahana iberilen Bakaýi açylyk yglan etmek sebäpli saglyk ýagdaýy erbetleşip hassahana ýatyrylypdy.



Degişli Habarlar