Putin Russiýa-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýändigini habar berdi

927039
Putin Russiýa-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Putin metbugata beren beýanatynda iki ýurdyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagynyň we gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň gerekdigini belledi.

Wladimir Putin ABŞ-e duşman tagmasyny goýmandyklaryny, emma olaryň parlament derejesinde Russiýany duşman sanawyna goşandyklaryny beýan etdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Russiýanyň hiç wagt başga bir ýurdyň içerki işlerine goşulmandygyny belledi we ABŞ-nyň bolsa Russiýadaky saýlawlara hemişe goşulyşýandygyny, ony hem gizlemeýändigini habar berdi.

Wladimir Putin Donald Trampyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýändigini, emma oňa böwet bolýan güýçleriň bardygyny belledi.



Degişli Habarlar