Merkel "ABŞ-nyň polada we alýumine goýan goşmaça salgydy ykdysadyýete uly zeper ýetirer"

Merkel ABŞ-nyň goýan goşmaça gümrük saldygyna alada bildirýär

926780
Merkel "ABŞ-nyň polada we alýumine goýan goşmaça salgydy ykdysadyýete uly zeper ýetirer"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň polada we alýumine goýan goşmaça salgydynyň ykdysadyýete uly zeper ýetirjekdigini aýtdy.

Angela Merkel Mýunhende nemes ykdysadyýetçileri bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda, ABŞ-nyň goýan goşmaça gümrük saldygyna alada bildirýändiklerini aýtdy.

“Goýlan goşmaça salgyt diňe bir ýurda däl eýsem tutuş ykdysadyýete uly zeper ýetirer”diýen Merkel, bu salgydyň hiç kimiň bähbidine bolmandygyny belledi.

Merkel ilkinji nobatda mesele barasynda ABŞ bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini nygtady.

Nemes hökümetiniň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Streiter hem nemes hökümetiniň bir taraply ýagdaýda salgytlary ret edýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar