Liwiýanyň suw giňişliginde 237 adam halas edildi

Liwiýada Milli ylalaşyk hökümetine degişli harby flot ýurdyň Ez-Zawiýe şäheriniň golaýynda deňizde bosgun 237 adamy soňky pursatda halas etdi

927114
Liwiýanyň suw giňişliginde 237 adam halas edildi

Harby flot tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda çiýşirilen 2 gaýykda 44-i zenan 7-si çaga jemi 237 adamyň gark bolmakdan soňky pursatda halas edilendigi mälim edildi.

Halas edilen adamlaryň saglyk gözegçiliginden geçirilendigi we ynsanperwer kömek berilendigi aýdylýan beýanatda Bangladeşiň 2 raýatyndan daşgary bosgunlaryň ählisiniň afrikalydygy habar berildi.

Ýerli we halkara resmi çeşmelere görä Liwiýada dünýäniň 24 ýurdyndan bosgun bar.

Şolaryň 95 göterimi Ortaýer deňizinden Ýewropa geçmek isleýän afrikalylardan ybarat.



Degişli Habarlar