Hytaý ABŞ-na polada we alýumine goşmaça salgyý goýmagyna reaksiýa bildirdi

Goşmaça gümrük salgydyny goýmak halkara söwda ulgamyna zyýan ýetirer

926047
Hytaý ABŞ-na polada we alýumine goşmaça salgyý goýmagyna reaksiýa bildirdi

Hytaý ABŞ-nyň polada we alýumine goşmaça gümrük salgydyny goýmagynyň halkara söwda ulgamyna zyýan ýetirjekdigini beýan etdi

Hytaýyň Söwda ministrliginden berilen beýannamada resmi Waşingtonyň eksport edilýän polada we alýumine 25-10 göterim mukdarlarynda gümrük tarifini goýmak baradaky karary bilen milli howpsyzlyk ady astynda söwda hemaýatkärligini edýändigini, köp taraply söwda ulgamyna zyýan ýetirýäňdigini öňe sürülip, kararyň halkara söwda ulgamyna hem düýpli zeper berjekdigi nygtaldy.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň, ÝB-niň we köp sanly ýurduň karara reaksiýa bildirendigine üns çekilýän beýannamada, Hytaýyň hem öz kanuny bähbitleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin berk çäreleri görjekdigi nygtalýar.

Beýannamada ABŞ-na halkara söwda ulgamyna wekilçilik edýän awtoritara sarpa goýmak we şol karary dessine bes etmek barada çagyryş berilýär.

 


Etiketkalar: #salgyt , #goşmaça , #polat

Degişli Habarlar