ABŞ Katar bilen Birleşen Arap Emirliklerine 467 million dollarlyk ýarag satar

Deşili karar Kongrese hödürlendi

926011
ABŞ Katar bilen Birleşen Arap Emirliklerine 467 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Katar bilen Birleşen Arap Emirliklerine 467 million dollarlyk ýaragyň satylmagy baradaky karary tassyklady.

Mesele hakyndaky ýazmaça beýanatda, ýarag satuwy baradaky kararyň Kongrese hödürlenendigi nygtaldy.

Beýanatda Kataryň Howa güýçlerine 197 million dollarlyk ýaragyň we harby enjamyň satyljakdygy ýatladyldy.

Beýanatda Birleşen Arap Emirliklerine hem raketalar we tälim uçarlary bilen birlikde jemi 270 million dollarlyk ýaragyň we harby enjamyň satyljakdygy bellenildi.

Beýanatda ýarag satuwlarynyň sebitdäki harby deňagramlylyga ýaramaz täsirini ýetirmejekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar: #ýarag , #satuw , #raketa

Degişli Habarlar