Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin gepleşik geçirilýär

Nauert Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda döredilen 3 komitetden biri bolan Siriýa komiteti Waşingtonda jemlenşdi

926275
Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin gepleşik geçirilýär

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi maksady bilen döredilen tehniki toparyň ilkinji maslahaty düýn Waşingtonda öz işine başlady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert Türkiýeli we Amerikaly ýolbaşçylaryň arasyndaky ilkinji maslahatda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän operasiýasy bilen birlikde birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Nauert Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda döredilen 3 komitetden biri bolan Siriýa komitetiniň Waşingtonda jemlenşendigini nygtady.

Nauert gepleşikleriň şu gün hem dowam etmegine garaşylýandygyny we iki ýurduň wekilleriniň Siriýa bilen arabaglanşykly birnäçe mesele hakynda pikir alyşjakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar