Polşanyň Prezidenti Duda 13 müň polşaly ýehudiden ötünç sorady

Polşanyň Prezidenti Andreý Duda 50 ýyl ozal ýurtdan kowulan 13 müň polşaly ýehudiden ötünç sorady

925690
Polşanyň Prezidenti Duda 13 müň polşaly ýehudiden ötünç sorady

Duda müňlerçe ýehudiniň ýurtdan kowulmagynda özleriniň jogapkärçiliginiň bolmandygyny we olaryň dilemekleriniň hökman däldigini beýan eden hem bolsa; “Kowulanlardan ötünç soraýaryn. Men Polşanyň adyndan bizi bagyşlamagyňyzy isleýärin” diýdi.

1968-nji ýyldaky protestlerin merkezi bolan Warşawa uniwersitetinde çykyş eden Duda; “Kowulanlardan ötünç soramak isleýärin. Polşa men tarapyndan olaryň bizi bagyşlamagyny isleýär. Unudulmaklaryna razy bolmaklaryny isleýär, şu günki günde olaryň Polşa bolmandyklary üçin Polşanyň gynanýandygyny kabul etmäge razy bolmaklaryny isleýär” diýdi.

1968-nji ýylda Polşadaky Sowet Soýuzy tarapyndan goldanýan kommunistik dolanşyk özüne garşy geçirilen köpçülikleýin talyp ýörişlerine jogap hökmünde ýehudileri partiýanyň düzüminden çykarmak we ýurtdan kowup çykarmak barada karara gelipdi.

Ýurtdan emläkleri ellerinden alynyp, kowulan 13 müň ýehudiniň arasynda gyrgynçylykdan halas bolanlar sosiolog Zigmunt Bauman ýaly belli ýehudi intelligentleri we filosof Leszek Kolakowski ýaly ýehudi däl garşydaşlar hem bardy. Sowet Soýuzy 1967-nji ýyldaky Arap-Ysraýyl urşundan soň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny bes edipdi.


Etiketkalar: #Polşa , #protest , #Warşawa

Degişli Habarlar